Çagalykda Ronaldu bilen surata düşen gruziýaly futbolçylar 11 ýyldan soň, onuň ýygyndysyny utmagy başardylar

  • 01.07.2024 13:16
  • 28k+

Ýewro-2024-üň çäklerinde 1/8 final tapgyrynda Ispaniýadan 4:1 utulyp, ýaryşdan gaýdandygyna garamazdan, toparlaýyn tapgyrda Portugaliýanyň ýygyndysyny utmagy başaran gruziýaly futbolçylar bu gezekki ýaryşyň täsinlikleriniň biri boldular. Aslynda, Portugaliýa bilen ýüzbe-ýüz bolan toparyň esasy oýunçylary Ronaldunyň 2013-nji ýylda açylyş dabarasyna gatnaşan Dinamo Tbilisi futbol akademiýasynyň uçurymlarydyr.

Oýnuň ilkinji minutlarynda Portugaliýanyň derwezesine gol salmagy başaran Hwiça Kwarasheliýa mundan birnäçe ýyl öň hut Kriştianu Ronaldunyň «ak patasyny» alan ýaş futbolçylaryň biridir. Hwiça Ronaldunyň muşdagydyr, hut şonuň üçinem oýundan soňra Ronaldu bilen futbol köýneklerini çalyşmagyny Hwiça özüniň çagalyk arzuwlarynyň hasyl bolandygyna ýorýar.


Dinamo Tbilisi akademiýasynyň resmi web sahypasyna görä, 2013-nji ýylda klubuň prezidenti Roman Pipiýanyň çakylygy boýunça, Kriştianu Ronaldu, meşhur ukrain futbolçysy Andreý Şewçenko hem-de gruzin futbolçysy Kaha Kaladze dagy akademiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşypdylar. Ronaldu şol gezekki dabarada birnäçe ýaş gruzin futbolçylary bilen ýadygärlik surata hem düşüpdi. Gruziýanyň milli ýygyndysynyň meşhur futbolçysy Hwiça Kwarasheliýa hem şolaryň biridi.
2013-nji ýylyň 7-nji iýulynda Ronaldunyň: «Ilki bilen hemmäňize salam! Klubuň prezidentine (Roman Pipiýa) bizi bu çärä çagyrandygy üçin hoşallyk bildirýärin. Dinamo Tbilisi ajaýyp ýörelgesi bolan abraýly toparlaryň biridir.
Bu gün Dinamo Tbilisi üçin örän möhüm gün. Dinamo futbol akademiýasy sebitdäki iň gowy akademiýalaryň biri» diýen sözleri akademiýanyň resmi web sahypasynda getirilýär.
Saýtda Ronaldunyň akademiýanyň oýunçylarynyň futbol köýneklerine gol çekip berýän hem-de olar bilen ýadygärlik suratlara düşýän pursatlarynyň wideoýazgysy hem ýerleşdirilipdir.
Açylyş dabarasynda Ronaldu Gruziýada bolmakdan we bu akademiýany açmakdan hoşaldygyny beýan edýär, ýaş zehinlere goldaw bermegiň we olara futbolda arzuwlaryna ýetmek mümkinçiliginiň döredilmeginiň möhümdigini nygtaýar.
Ronaldunyň: «Şu gün bu akademiýany açmak üçin bu ýere gelendigime begenýärin. Ýaş zehinleri goldamagyň möhümdigine, şeýle hem bu akademiýanyň zehinli futbolçylaryň täze nesliniň döremegine goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýen sözleri saýtda ýerleşdirilipdir.
«Transfermarkt» web sahypasynyň habaryna görä, Ýewro-2024 ýaryşyna gatnaşan Gruziýanyň milli ýygyndysyndaky azyndan 13 oýunçy Dinamo Tbilisi futbol akademiýasynyň uçurymlarydyr. Derwezeban Giorgi Mamardaşwili  2018-nji ýylda, häzirki wagtda Napoli futbol toparynyň ýyldyzy Hwiça Kwarasheliýa bolsa 2017-nji ýylda hut şu akademiýa giripdiler.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.8k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......