Eýranda birinji gezekden prezident saýlamak başartmady. Ikinji tapgyr yglan edildi

  • 29.06.2024 23:14
  • 20k+

Eýranda 28-nji iýunda geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda prezident saýlamak başa barmady. Çünki dalaşgärleriň hiç biriniň hem alan sesi 50%-den geçmedi diýip, Tasnim we Irib agentlikleri habar berýär.

5-nji iýulda geçirmek meýilleşdirilýän ikinji tapgyra, deslapky maglumatlara görä, 10,4 million adamyň goldawyny alan reformaçy Masud Pezeşkian we 9,4 million adamyň sesini alan konserwator Said Jalili gatnaşar.
Masud Pezeşkian Mejlisiň agzasy, ol prezident Muhammet Hataminiň (2001-2005) ikinji möhlete saýlanan döwründe Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ministri bolupdy.
Said Jalili Eýranyň Ruhy Lideriniň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşindäki wekili.
Saýlawlara ilkibaşda alty dalaşgär gatnaşdy, ýöne olaryň ikisi - Şehitleriň we weteranlaryň işleri boýunça gaznanyň başlygy Amir-Hoseýin Gazizade-Haşemi we Tähranyň häkimi Alireza Zakani ses berişlikden bir gün öň dalaşgärligini aýyrdylar.
Prezident Ebrahim Raisi maý aýynda uçar heläkçiliginde ýogalandan soň nobatdan daşary prezident saýlawy yglan edildi. Eýranyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident aradan çykandan soň 50 günüň içinde saýlawlar geçirilmeli. Prezidentiň wezipelerini wagtlaýyn birinji wise-prezident Mohammad Mohber ýerine ýetirýär.
Eýranda prezident Ruhy lider Aýatolla Ali Hameneýiden soň ýurtda iň abraýly syýasatçy hasaplanýar. Prezidentiň borçlaryna Konstitusiýanyň düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek we ýerine ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk etmek girýär. Eýranyň daşary syýasatynyň umumy ugry oňa bagly bolup durýar.


21.04.2026 22:16
6.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...