Honda Civic, Toyota Corolla we Camry: Consumer Reports guramasy iň ygtybarly awtoulaglary aýtdy

  • 03.07.2024 14:35
  • 6.7k+

Consumer Reports täjirçilik däl guramasy iň ygtybarly awtoulaglaryň her ýylky reýtingini çap etdi. 2023-nji ýylda öňdäki orunlary ýapon brendiniň, şeýle hem Ýewropa we amerikan ulaglary eýeledi.

Ykjam awtoulaglar kategoriýasynda Honda Civic, Mazda3, Toyota Corolla we Prius iň gowulary diýlip yglan edildi.
Biznes sedanlaryň içinde iň az sanly arzalary alanlar - Hyundai Sonata, Toyota Camry we Toyota Avalon.
Gymmat awtoulaglaryň içinde öňdelikçiler - BMW 5 Series, Lexus ES we Acura TLX.
Ykjam krossowerlerleriň sanawynda Acura RDX, BMW X3, Honda CR-V we HR-V, Toyota RAV4, Volvo XC40, Subaru Crosstrek we Forester, Mazda CX-5, Lexus UX we NX, Hyundai Tucson we Kia Sportage bar.
Orta gabaraly iň ygtybarly krossowerler - Honda Passport we Pilot, Lexus RX, Lincoln Nautilus, Toyota 4Runner, Highlander we Venza, şeýle hem GMC Acadia.
Ford Ranger, Honda Ridgeline, Toyota Tacoma we Tundra pikaplaryň içinde, Mazda MX-5 bolsa sportkarlaryň içinde iň ygtybarlysy boldy.


düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......