Lexus ES 2025 hödürlendi

  • 27.06.2024 23:46
  • 22k+

Lexus kompaniýasy meşhur ES sedanynyň täzelenen wersiýasyny hödürledi. Düýpli üýtgeşmeler bolmasa-da, öndüriji dörtýyllyk arakesmeden soň Black Line Special Edition wersiýasynyň önümçiligini gaýtadan dikeltdi. ES 350 F Sport Handling modeline esaslanýan Black Line Special Edition modeli gara aýnalara, yzky spoýlere we awtomobiliň bosagasyny bezeýän ýörite öwüşginlere eýe boldy.

Modeliň interýeri 12,3 dýuýmlyk maglumat-güýmenje sistemasy we proeksion displeý bilen üpjün edildi. Beýleki aýratynlyklar panorama görnüşi sistemasyny we SmartAccess açar kartasyny öz içine alýar. Lexus ES 2025 Black Line Special Edition-yň önümçiligi 1000 nusga bilen çäklenýär, baha bolsa 53 615 dollar bolar.


2025-nji ýylyň Lexus ES hatary güýç enjamlarynyň üç görnüşini öz içine alar.  Esasy model ES 250 AWD kuwwaty 203 at güýji bolan 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen üpjün edildi. ES 350 wersiýasy 302 at güýjüni berýän 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisini hödürleýär. Gibrid wersiýa ES 300h bolsa 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Onuň umumy kuwwaty 215 at güýjüne barabar.


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

11.05.2026 18:31
4.9k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......