Ýewro-2024: Portugaliýa penalti tapgyrynda derwezebanyň, Fransiýa awtogoluň kömegi bilen 1/4 finala çykdy

  • 02.07.2024 12:24
  • 24k+

Fransiýa Belgiýa bilen duşuşygynda belgiýalylaryň goragçysy Ýan Wertongeniň öz derwezesine geçiren goly netijesinde 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu häzirki Ýewropa çempionatynda eýýäm dokuzynjy awtogoldur. Geçen Ýewro ýaryşynda goýlan rekorda ýene iki gol galdy – şonda 11 awtogol bolupdy.
Häzirki ýaryşda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hasabynda oýunda girizilen gol ýok. Ýöne bu oňa dörtden bir finala çykmaga päsgel bermedi. Toparlaýyn tapgyrda fransiýalylar Niderlandlar bilen deňme-deň oýnadylar (0:0), Awstriýany awtogoluň netijesinde utdular (1:0) we Polşa bilen deňme-deň oýnadylar (1:1), bu oýunda Kilian Mbappe penaltiden gol girizdi.

Dörtden bir finalda fransiýalylar penalti tapgyrynda Sloweniýany utan Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen oýnarlar. Oýnuň esasy we goşmaça wagty hasap açylmazdan tamamlandy. Birinji goşmaça wagtyň ahyrynda portugaliýalylar penalti gazandylar, ýöne Kriştianu Ronaldunyň urgusyny derwezeban Ýan Oblak yzyna gaýtardy.
Penalti tapgyrynda Portugaliýa toparynyň derwezebany Diogu Koşta sloweniýalylaryň üç urgusyny-da yzyna gaýtarmagy başardy, portugaliýalylar bolsa üç gezek gol geçirdiler (şol sanda Ronaldu).
Şeýlelik bilen, Koşta Ýewropa çempionatynyň iki rekordyny goýdy – ol ýaryşyň taryhynda oýundan soňky penalti tapgyrynda gol sypdyrmadyk, şeýle-de penalti tapgyrynda üç urgyny gaýtaran ilkinji derwezeban boldy.
Şu gün Ýewro ýaryşynda 1/8 finalyň soňky iki oýny bolar – Rumyniýa Niderlandlar, Awstriýa Türkiýe bilen oýnar.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.2k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......