Suw joşgunyndan soň Dubaý täze sil zeýkeşi ulgamyna 8 milliard dollar maýa goýdy

  • 27.06.2024 16:44
  • 25k+

Dubaýyň emiri şeýh Muhammet ibn Raşid Al-Maktum bahasy 8 milliard dollarlyk täze sil zeýkeşi ulgamyny gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi.

Hökümet şu ýylyň 16-njy aprelinde BAE-de soňky 75 ýylyň içinde ilkinji gezek guýan iň güýçli, aýratynam,  Dubaýa düýpli täsir eden çabgadan soň şeýle karara geldi.
Täze sil zeýkeşi ulgamy Dubaýyň ähli ýerini öz içine alar we günde 20 million kub metrden gowrak suwy akdyryp äkidip biler. Gurluşygyň 2033-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

29.04.2026 16:01
2.2k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.6k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....