Samsung Galaxy S25 Ultra-nyň dizaýnyny üýtgeder: ýiti burçlar bolmaz

  • 30.06.2024 12:52
  • 20k+

Samsung flagmanlarynyň indiki nesli ulanmak üçin has rahat bolar: Ice Universe-iň insaýderi Galaxy S25 Ultra-nyň korpusynyň gyralarynyň aýlaw boljakdygyny habar berdi.

Dizaýnyň üýtgedilmegi Ultra hatarynyň adaty burçlary ýiti bolan gönüburçly görnüşinden daşlaşmasy bolar. Täze önüm eliňde saklamak üçin amatly bolar.
Dizaýnyň üýtgedilmeginden başga-da, Galaxy S25 Ultra-a 200 megapiksellik kamera, 50, 50 (3x optiki ýakynlaşdyrma) we 50 (5x optiki ýakynlaşdyrma) megapiksel, 3 nanometrlik bir kristallyk ulgam (Snapdragon 8 Gen 4), stereodinamika, tozandan we suwdan goranyş degişli edilýär.
Smartfonyň premýerasyna, beýleki modellerde bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň başynda garaşylýar.
Ice Universe ygtybarly maglumat çeşmesi hökmünde abraýa eýedir. Ondan öň şaglawuk ekranly smartfonlarynyň trendini, iPhone X we iPhone 14-üň täze dizaýnyny we Samsung-yň 200 megapiksellik surat görkezijisini dogry çaklapdy. Täze önümler baradaky maglumatlaryň Günorta Koreýa ägirdiniň gözleg we işläp düzmek bölümindäki çeşmelerden syzdyrylýandygy bellenip geçilýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...