ABŞ-da futbol meýdançasynda 30 metrlik oý peýda boldy

  • 28.06.2024 21:55
  • 30k+

Illinoýs ştatynyň Olton şäheriniň seýilgähindäki futbol meýdançasynyň ortasynda ägirt uly oý peýda boldy. Bu barada First Allen 4 neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu oý göni futbol meýdançasynyň aşagynda ýerleşýän şahtada topragyň çökmegi netijesinde peýda bolupdyr. Opurylma wagty şahta hereketdedi, ýöne hadysanyň netijesinde hiç kim zyýan çekmedi.
Oltonda seýilgähler we dynç alyş departamentiniň müdiri Maýkl Heýns oýuň ululygynyň, takmynan, inine 30 metre we çuňlugyna 9-15 metre barabardygyny aýtdy. Opurylma meýdançadaky fonarlaryň birini hem “ýuwutdy”.
Futbol meýdançalary seýilgähde 2019-njy ýylda peýda boldy, taslamanyň bahasy bolsa 1 mln dollardan geçdi. Heýns şäher häkimiýetleriniň meýdançany täze sport möwsümi başlamazdan ozal gaýtadan dikeldip bilmegine umyt baglaýar. Ýöne ilki bilen topragyň ýagdaýy inženerler we geologlar tarapyndan öwrenilmeli. Häzirki wagtda seýilgäh ýapyk.


şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......