Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy başlanýar

  • 29.06.2024 01:58
  • 25k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli «Binalary we desgalary gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, edara-kärhanalara ýerli gurluşyk kompaniýalary bilen Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak, şeýle hem ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça şertnamalary baglanyşmaga rugsat berildi.
Hususan-da, täze şäheriň ikinji tapgyrynda demir ýol menziliniň, awtomenziliň, awtoulag kärhanasynyň, söwda-hyzmat toplumynyň, seýsmologiýa stansiýasynyň we 72 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlap, binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabrynda doly ulanyşa bermek bellenildi.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....