Ortaýer deňziniň düýbünden ýaşy 3300 ýyl bolan hanaan döwrüniň gämisi tapyldy

  • 30.06.2024 12:47
  • 13k+

Ysraýylyň demirgazyk kenaryndan 90 km uzaklykda, 1,8 kilometr çuňlukda ýaşy 3300 ýyl bolan, heläkçilige uçran gämi tapyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, bu bürünç asyryndan galan, hanaan döwrüniň ýük gämisi bolmaly. Tapyndynyň üstünden geologiki gözleg-aňtaw işleri wagtynda tötänleýin baryldy diýip, Times of Israel habar berýär.

Uzynlygy 12-14 metr bolan gämi ýüzlerçe amforany äkidip barýan eken, olaryň köpüsi aşaky çökündileriň aşagynda galypdyr. Bu tapyndy kenardan şeýle uzak aralykdan tapylan iň gadymy gämidir.
Gäminiň şeýle uly çuňlukdan tapylmagy alymlary gadymy deňizçileriň nawigasiýa başarnyklaryny täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär. Bu tapyndy bürünç asyrynyň deňizçileriniň beýleki kenar görünmese-de, uzak ýola ýüzüşe çykyp bilendikleriniň ilkinji subutnamasydyr.

“Bu açyş gadymy deňizçileriň deňiz ussatlygy baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgedýär. Gäminiň tapylan ýerinde deňziň ýüzünden we töweregindäki tükeniksiz gözýetimden başga hiç zat görünmeýär. Bu bürünç eýýamynda deňizçileriň Günden, Aýdan we ýyldyzlardan ugur alyp, Ortaýer deňziniň üstünden ýol salmagy başarandyklaryny görkezýär" - diýip, Ysraýylyň gadymy ýadygärlikler gullugynyň deňiz arheologiýasy bölüminiň başlygy Ýakob Şarwit aýdýar.

Gämi ýag, çakyr, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini daşaýan bolsa gerek. Ol Finikiýanyň Biblos portundan Kiçi Aziýanyň Ortaýer deňziniň kenarýakasyndaky portlaryň birine barýan bolmaly. Gäminiň heläk bolmagyna tupan ýa-da garakçylaryň hüjümi sebäp bolan bolmaly.
Çuňlukdan ýokary çykarylan iki amforadan analiz etmek üçin organiki material alyndy, bu gadymy gäminiň alyp barýan ýüküni kesgitlemäge kömek eder.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......