Barlagçylar manyly, täsirli ýüz keşbiň jemgyýetde üstünlik gazanmagyň açarydygyny anykladylar

  • 30.06.2024 12:25
  • 6k+

Beýik Britaniýadaky Nottingem Trent uniwersitetiniň barlagçylary manyly, täsirli  ýüz keşbiň adamyň jemgyýetçilik durmuşyna edýän täsirini öwrendiler. Netijeler ýüz keşbiniň manyly bolmagy adamlary has özüne çekiji edýändigini we ýüzünde many az adamlar bilen deňeşdirilende, olary jemgyýetde has üstünlikli edýändigini görkezdi.

Synag wagtynda alymlar 52 meýletinçiniň arasynda bolan 1500-den gowrak söhbetdeşligi seljerdiler. Olaryň gepleşikleri söhbetdeşleri utandyrar, güldürer we dürli duýgulary başdan geçirer ýaly ýörite işlenip taýýarlandy. Käbir ýagdaýlarda gatnaşyjylardan adaty ýüz keşbini saklamak ýa-da tersine, duýgularyny has köpräk ýüzüne çykarmak haýyş edildi. Bularyň hemmesi wideo ýazga alyndy. Goşmaça meýletinçileriň ýüzlerine çykýan duýgulary ýüz myşsalarynyň işjeňligine gözegçilik edýän ýörite FACS ulgamy arkaly ýazga alyndy.
Şondan soň, alymlar tarapyndan saýlanan ýazgylar synaga gatnaşýan beýleki 170-den gowrak adama görkezildi. Olardan wideodaky adamlaryň haýsy duýgulary ýüze çykarýandygyny kesgitlemek we olaryň duýgusyny ýüze çykaryşynyň derejesi barada gürrüň bermek haýyş edildi.
Duýgularyny ýygy-ýygydan, has aýyň ýüzüne çykarýan adamlaryň beýlekileriň göwnünden turýandygy belli boldy. Mundan başga-da, beýle mimika nätanyş adamlara has düşnüklidir, bu adamlara jemgyýete ugruňy has gowy kesgitlemäge we maksatlaryna ýetmäge kömek edýär. Mysal üçin, şeýle gatnaşyjylar synaga  gatnaşanlygy üçin sylaglanmak baradaky gepleşiklerde-de has gowy netijeleri görkezdiler.
Alymlaryň pikirine görä, alnan netijeler diňe bir şahsy gatnaşyklara düşünmek üçin däl, eýsem, aragatnaşyk endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuwlaryň we treningleriň täze usullaryny ösdürmekde hem ähmiýetli bolup biler.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......