Täze ýapon tehmologiýasy gazaply sesleri asuda sözleýşe öwürýär

  • 30.06.2024 12:06
  • 2.6k+

Ýaponiýanyň SoftBank Corp. kompaniýasy telefon gepleşiklerinde emosiýalary ýumşadyp biljek täze emeli aň tehnologiýasyny hödürledi. “Emosiýany ýatyrmak” diýlip atlandyrylýan emeli aň gepleýän adamyň sesini seljerip, gazaply äheňi ýumşadýar-da, gaharly sözleri biraz köşeşen görnüşde ýetirýär diýip, South China Morning Post ýazýar.

Tehnologiýa her gün nägilelik bildirýän müşderiler bilen iş salyşýan jaň merkezleriniň we tehniki goldawyň işgärleriniň stresini azaltmak üçin döredildi. Ýaponiýada, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, müşderileriň jaň merkezleriniň işgärlerine igesini sürtmegi umumy ýaýran mesele. Geçirilen pikir soraşmalar şeýle edaralaryň işgärleriniň 47%-iniň müşderileriň emosional basyşyna duçar bolýandygyny görkezdi. Ýaponiýada operatorlaryň psihologa kömek sorap ýüz tutan ýüzlerçe ýagdaýlary hasaba alyndy.
Häzirki wagtda “Emosiýany ýatyrmak” diňe ýapon dilini goldaýar, ýöne işläp düzüjiler iňlis we beýleki dillere goldaw goşmak bilen, onuň işleýşini  giňeltmegi meýilleşdirýärler. Geljekde tehnologiýa dünýä bazaryna çykyp biler.
AI-niň gödek, gelşiksiz sözleri süzüp bilmeýändigini, diňe äheň bilen işleýändigini bellemelidiris.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......