Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň 5,3 mlrd dollarlyk paýnamasyny haýyr-sahawata bagyş etdi

  • 29.06.2024 23:59
  • 5k+

Amerikaly telekeçi, dünýäniň iň belli maýadarlarynyň biri Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň 5,3 mlrd dollarlyk paýnamasyny bäş haýyr-sahawat guramasyna bagyş etdi. Baffet üçin bu iň uly ýyllyk haýyr-yhsan boldy diýip, CNBC habar berýär.

Baffet 8 674 sany A klas paýnamany 13 milliondan gowrak B klas paýnamasyna konwertirledi. Soň olar Bill we Melinda Geýtsiň gaznasynyň (9,93 mln paýnama), Sýuzan Tompson Baffetiň gaznasynyň (onuň merhum birinji aýalynyň hatyrasyna) we çagalary Goward, Sýuzan we Piter Baffetler tarapyndan dolandyrylýan üç gaznanyň arasynda paýlandy.
Netijede, Baffetiň Berkshire Hathaway-däki paýy azaldy, ýöne ol henizem 207 963 A klas paýnamasyna we 2 586 B klas paýnamasyna eýeçilik edýär. Olaryň umumy bahasy, takmynan, 130 mlrd dollara barabar.
Baffet öz baýlygynyň esli bölegini haýyr-sahawata bermek wadasyna eýerip, 2006-njy ýyldan bäri her ýyl uly haýyr-yhsan bagyş edýär. 93 ýaşly maýadar 135 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde 10-njy orny eýeleýär (Bloomberg Billionaries Index).

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......