Amazon kompaniýasy Metis kod atly täze çat-botuň üstünde işleýär

  • 29.06.2024 17:03
  • 2.5k+

Amazon OpenAI-den ChatGPT-niň we Google-dan Bard-yň bäsdeşi bolup biljek Metis kod atly täze çat-botuny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu barada içerki resminama we taslama bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Business Insider habar berýär.

Metis täze Olympus emeli aň modeline esaslanar, ol Amazon-yň öňki Titan modelinden has kuwwatlydyr.
Metis-iň esasy aýratynlyklarynyň biri giňişleýin gözlegli generasiýanyň (RAG) ulanylmagydyr. RAG ulgama maglumatlary API ýaly abraýly çeşmelerden almaga mümkinçilik berýär, netijede has takyk we aktual jogaplar alynýar.
Metis-iň üstünde işleýän topara Amazon-yň baş müdiri Endi Ýassi we baş ylmy işgär Rohit Prasad ýolbaşçylyk edýär. Topara Alexa-dan hem emeli aň boýunça hünärmenler girýär, olaryň tejribesi geljekki ses kömekçisi Remarkable Alexa-ny döretmek üçin ulanylyp bilner.
Metis-iň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çykmagyna garaşylýar.
Belläp geçsek, çeşmeleriň birnäçesi geljekki çat-botuň bäsdeşlige ukyplylygyna şübhelenýärler, sebäbi ChatGPT 2022-nji ýylyň ahyrynda, Bard 2023-nji ýylyň mart aýynda işe girizildi we şondan bäri has kämilleşdirildi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

15.05.2026 12:36
2.6k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......