Aşgabatdaky daşky yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işi kämilleşdiriler

  • 28.06.2024 22:51
  • 10k+

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabadyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ony ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin amatly şähere öwürmek ugrunda degişli çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň şaýollarynda, köçelerinde we seýilgählerinde oturdylan daşky yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, döwrebap awtotehnikalar bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin döwrebap ýöriteleşdirilen awtotehnikalary satyn almak baradaky teklibi goldady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....