Ýewropanyň iň baý adamsy bäsdeşiniň işinden paý satyn aldy

  • 28.06.2024 15:44
  • 14k+

LVMH konglomeratynyň eýesi, fransuz milliarderi Bernar Arno Cartier, Chloé we Van Cleef & Arpels ýaly brendlere eýe bolan, Şweýsariýanyň kaşaň Richemont kompaniýasyndan paý aldy. Geleşigiň bahasy we paýynyň möçberi  aýan edilmedi diýip, Bloomberg ýazýar.

Seljerijiler kaşaň zatlaryň iň iri öndürijisi LVMH-iň ýolbaşçysynyň şeýtmek bilen Tiffany we Bulgari (LVMH-iň eýeçiligindäki) brendlerini Cartier we Van Cleef & Arpels (Richemont) bilen birleşdirip, özüniň şaý-sepler segmentindäki ornuny berkitmäge çalyşýandygyny çaklaýarlar.
Richemont-yň gözegçilik paýnamasynyň eýesi Ýohann Rupert ozal birleşmek baradaky myş-myşlary ret edip, “haýsydyr bir geleşik bilen gyzyklanmaýandygyny” aýdypdy. Ol konglomeratlaryň özara gepleşik geçirýändigini we birek-biregiň özygtyýarlylygyna hormat goýýandygyny aýdypdy.
Arnonyň özi žurnalistlere Richemont bilen baglanyşykly “geljek üçin ideýalarynyň” bardygyny aýtdy.
Maýa goýumçylar Arnonyň Richemont-dan paý satyn alnandygy baradaky habara umytly garadylar, kompaniýanyň paýnamalary  4% gymmatlady.
Bernar Arno Ýewropanyň iň baý adamy, Forbesiň baha bermegine görä, onuň baýlygy 197 milliard dollar.


04.04.2025 11:28
6.7k+

Forbes: ilkinji gezek birbada 3 milliarderiň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi

Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi. Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI...

28.02.2025 11:43
13k+

Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär...

30.12.2024 15:04
6.9k+

Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna...

04.10.2024 22:01
4.2k+

LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar...