Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

  • 30.12.2024 15:04
  • 7k+

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna görä, fransuz telekeçisiniň maýasy 31 milliard dollar kemelip, 176 milliard dollar boldy.

Bu ýitginiň esasy sebäbi, kaşaň brendler 2024-nji ýylda durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy, esasanam, Hytaýda gozgalmaýan emläk çökgünligi başdan geçirdi we ýaşlaryň arasynda işsizlik artdy. Bu kaşaň harytlara bolan islegi azaltdy.
Ikinji orunda L'Oréal-iň mirasdüşeri Fransuaza Bettankur-Maýers durýar. Ol Hytaýda satuwynyň azalmagy bilen bagly kompaniýanyň paýnamalarynyň 26% aşak düşmegi sebäpli, 25 milliard dollar ýitirdi.
Reýtingde üçünji orny 23 milliard dollar ýitiren meksikaly milliarder, telekommunikasiýa ägirdi bolan Amóvil-iň başlygy Karlos Slim eýeledi.
Ondan soň sanawda Temu internet-dükanyň esasy kompaniýasy Pinduoduo-ny esaslandyryjy Kolin Huan durýar. Ol 35 milliard ýitirdi we kompaniýasynyň paýnamalary 30% arzanlady.
Bäşinji ýeri Kering lýuks toparynyň başlygy Fransua Pino eýeledi. Onuň kompaniýasy Gucci, Balenciaga, Saint Laurent, Bottega Veneta we beýleki brendlere eýelik edýär. Pinonyň baýlygy 14 milliard dollar azaldy, bu kompaniýanyň paýnamalarynyň 40 göterim arzanlamagyna sebäp boldy.
Geçip barýan ýylda iň köp gazanan milliarderleriň sanawyna diňe tehnologiýa pudagynyň wekilleri - Ilon Mask (+239 milliard dollar), Mark Sukerberg (+85 milliard), Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang (+78 milliard), Oracle-yň esaslandyryjysy Larri Ellison (+70 milliard) we Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezos (+69 milliard) girdi.


04.04.2025 11:28
6.7k+

Forbes: ilkinji gezek birbada 3 milliarderiň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi

Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi. Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI...

28.02.2025 11:43
13k+

Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär...

04.10.2024 22:01
4.2k+

LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar...

16.08.2024 10:20
7.7k+

Bloomberg: Arno $23 mlrd ýitirip, dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlüginden çykdy

Fransiýaly milliarder, LVMH kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy we prezidenti Bernar Arno dünýäniň iň barly adamlarynyň üçlügini terk etdi. Bu Bloomberg-iň milliarderler indeksiniň (BBI) maglumatlaryndan gelip...