Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýuldy

  • 28.06.2024 07:17
  • 8.4k+

27-nji iýunda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy gurnady diýip, diplomatik wekilhanada TmCars-a habar berdiler.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.


Öz çykyşlarynda gatnaşanlar Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellediler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......