Koreý kompaniýalary Arkadag şäheriniň we Aşgabat-sitiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

  • 27.06.2024 23:30
  • 16k+

Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikler bar. Bu barada“Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd.”   kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wanyň 27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda bellenildi

Duşuşygyň dowamynda gaz we himiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar we maýa goýum ulgamlary, şeýle hem beýleki köpsanly ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwatly we mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek has netijeli hasaplanylýar.
Türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge koreý kompaniýalary uly goşant goşýarlar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we olaryň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. 
Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, iri önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça döwlet derejesinde maksatnamalar amala aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd”  kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi. 


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......