Tibetde 9000 ýyllyk ýaşy bolan daş iňňeler tapyldy

  • 27.06.2024 16:41
  • 6.7k+

Hytaýly arheologlar Tibetiň günbataryndaky Syada Ko kölüniň kenarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda adaty bolmadyk açyş etdiler. Olar 9000 ýaşly alty sany daşdan ýasalan iňňäni tapdylar.

Bular şu wagta çenli tapylan iň gadymy daş iňňelerdir we olaryň tapylmagy adamlaryň bu guraly haçan ulanyp başlandyklary baradaky çaklamany ep-esli yza süýşürýär.
Journal of Archaeological Science neşirinde çap edilen makalada tremolit, serpentin, aktinolit we talk ýaly minerallardan ýasalan bu iňňeler egin-eşik tikmek we berk külbeleri gurmak üçin ulanylan bolsa gerek diýip habar berilýär.

“Gözli iňňäniň peýda bolmagy adamzat siwilizasiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr bolupdyr. Bu, adamlara has gaýym eşik we berk jaýlary gurmaga mümkinçilik beripdir, bu bolsa öz gezeginde olara täze, has sowuk sebitleri öwrenmäge kömek edipdir "- diýip, makalanyň awtorlary ýazýar.

Bu açyşdan ozal Hytaýyň Henan welaýatyndan tapylan 2700 ýyllyk daş iňňeler has gadymy hasaplanýardy. Süňkden ýasalan iň gadymy iňňeleriň ýaşy bolsa, takmynan, 50 müň ýyl töweregidir. Olar Russiýanyň Altaý sebitindäki Denisowa gowagyndan tapyldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....