Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Türkiýäniň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

  • 27.06.2024 07:30
  • 12k+

26-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasy bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......