Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi

  • 27.06.2024 07:27
  • 8.1k+

26-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.
Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Goranmak we harby ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi.
Türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Şeýle hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda yzygiderli ýagdaýda tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany we myhman bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......