Lexus-dan täze wnedorožnik - onda pizza taýýarlamak üçin peç oturdyldy

  • 26.06.2024 14:23
  • 14k+

Lexus kompaniýasy öý enjamlaryny öndüriji Monogram bilen bilelikde pizza peji bilen enjamlaşdyrylan awtoulagy işläp düzdi diýip, Flighter habar berýär.

Öndürijileriň pikiriçe, Lexus Monogram GX hakykata öwrülen ulagdyr. Ol kerpiç pejine meňzeýän 30 dýuýmlyk Monogram Smart Flush Hearth elektirk peji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol elde ýasalyp, awtoulagyň goş salynýan ýerine gurnalandyr. Onda diňe pizza däl, eýsem çörek, çörek önümleri we beýleki tagamlary hem bişirip bilersiňiz.
Peçden başga-da, ulagyň içinde sowadyjy, doňduryjy, buz pressi, bokal salmak üçin gap we bukulýan stol bar. Ulagyň gapylarynda gap-gaçlar üçin tekjeler bar. Içi gyzyl agajyň elementleri bolan mämişi we gara reňkdäki hakyky deriden edilendir.
Lexus Monogram GX 10 basgançakly awtomatiki herekete geçiriji guty we 349 at güýjüni öndürýän 3,4 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagyň bir nusgasy bar we häzirki wagtda Kolorado ştatynyň Aspen şäherinde ýerleşýär. Awtoulag, 14-16-njy iýunda ABŞ-da geçirilen Food & Wine Classic sergisinde görkezildi.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....