Tesla Toyota-dan öňe geçdi: Tesla Model Y dünýäde iň köp satylan awtoulag boldy

  • 26.06.2024 13:48
  • 5.1k+

2023-nji ýylda Tesla Model Y elektrik awtoulagy köpden bäri öňdebaryjy orny eýeläp gelýän Toyota RAV4-dan we Corolla-dan öňe geçip, dünýäde iň köp satylýan awtoulag boldy.

JATO Dynamics seljeriji kompaniýanyň maglumatlaryna görä, dünýä boýunça  Model Y-yň 1,22 million sanysy satylyp, 2022-nji ýyldakydan 64 göterim köpdür. Bu islendik model üçin rekord görkeziji boldy.
Model Y-nyň üstünligi elektrik ulaglarynyň meşhurlygynyň artmagy, krossoweriň özüne çekiji dizaýny we güýçli öndürijiligi ýaly, birnäçe faktorlar bilen şertlendirilýär.
Model Y-yň ösüp barýan bazarlaryň aglabasynda hödürlenmänligi  sebäpli sarp edijileriň köpüsi üçin elýeterli bolman galýandygyny bellemelidiris.

“Tesla - ösen dünýä üçin döredilen brend. Kompaniýa häzirki wagtda bu bazarlara tarap ugur alyp bilmeýän hem bolsa, geljekde goşmaça ösüş çeşmesi hökmünde onuň ösüp barýan bazarlary öwrenmek mümkinçiligi bar "- diýip, JATO Dynamics-de mälim etdiler.

Geçen ýyl RAV4-iň satuwy 5% artyp, ulagyň 1,07 milliony satyldy. Ykjam Corolla sedany bolsa 803 000 birlik (-19%) bilen dördünji orna düşdi. Bu modeliň satuwynyň peselmegini ýaşynyň uludygy - awtoulag ilkinji gezek 2018-nji ýylyň mart aýynda çykdy - şeýle hem Corolla Cross-yň peýda bolmagy bilen düşündirip bolar.
Üçünji orny satuwy 18% ýokarlanan Honda CR-V eýeledi.
Dünýäde iň köp satylýan 10 awtoulaglaryň sanawy: 

  • Tesla Model Y (1 223 million birlik, + 64%)
  • Toyota RAV4 (1 075 million birlik, + 5%)
  • Honda CR-V (846 000 birlik, + 18%)
  • Toyota Corolla (803 000 birlik, -19%)
  • Toyota Corolla Cross (715 000 birlik, + 35%)
  • Toyota Camry (650 000 birlik, -2%)
  • Ford F-150 (623 000 birlik, + 18%)
  • Toyota Hilux (605 000 birlik, -4%)
  • Nissan Sentra (534 000 birlik, -1%)
  • Tesla Model 3 (508 000 birlik, + 5%)

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......