Aşgabatda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi

  • 26.06.2024 13:08
  • 2.6k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.
BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň forumda eden çykyşlarynda Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi.
Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. 
Oba hojalygy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalar, gurluşyk, saglygy goraýyş, ekologiýa hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge we tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaklyga uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.
​​​​​​​Netijeli häsiýetde geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyklar guraldy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....