Serdar Berdimuhamedow BAE-niň kompaniýalaryny Türkmenistanyň iri taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

  • 26.06.2024 10:39
  • 5.6k+

25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-emirlikler işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-emirlikler işewürlik forumynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we hususy ulgamyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.
Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu babatda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplanyldy.
Dostlukly ýurduň ykdysadyýet ministriniň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýärler. Döwlet Baştutany Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....