Täze Toyota Avalon önümçilige goýberildi

  • 26.06.2024 00:25
  • 25k+

Hytaýyň Çendu şäherindäki FAW Toyota zawodynda täzelenen Toyota Avalon sedanynyň tapgyrlaýyn önümçiligi başlandy. 5 metrlik awtoulag daşky görnüşi boýunça üýtgemedi diýen ýaly, ýöne üpjünçilik kämilleşdirildi, ol täze Toyota Camry-nyň (dokuzynjy nesil) hereketlendirijisini aldy.

Täzelenen Avalon-yň salonynda SoC Qualcomm Snapdragon 8155 prosessorynda gurnalan we 12 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylan täze mediasistema bolar. Şeýle-de, bezeg materiallary has gowulaşdyrylar we täze rul peýda bolar.
Üç hereketlendiriji hödürlener: kuwwaty 152 at güýji bolan 2,0 litr gowrümli adaty benzin hereketlendirijisi, 2,0 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gibrid (173 at güýji) we 2,5 litr göwrümli hereketlendirijiniň esasynda gibrid (230 at güýji). Sedanyň göwrümi 4990 x 1850 x 1450 mm, teker bazasy – 2870 mm.
Täzelenen Avalon-yň doly derejeli premýerasy iýul aýynda bolar, bahalar hem şonda yglan ediler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......