Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

  • 25.06.2024 23:45
  • 2.8k+

Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Onuň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.
Bellige alnan ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, degişli okruglaryň çäklerinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklardyr mümkinçilikler döredilýär. Merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy hem-de olaryň terjimehallary çap edildi. Dalaşgärler milli telewideniýede saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen çykyş etdiler.
Saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawlara çagyryş bilen ýüzlenýän wideoşekiller taýýarlanyldy we teleýaýlymlar arkaly giň jemgyýetçilige ýetirildi. Saýlawlar baradaky dessin maglumatlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.
Milli synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....