Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndaky toprak nusgalary Ýere getirildi

  • 25.06.2024 15:17
  • 20k+

Hytaýyň “Çane-6” Aý zondunyň yzyna gaýtaryş moduly Aýyň arka tarapyndan ýygnalan toprak nusgalaryny Ýere getirdi. Bu barada CGTN telekanaly habar berýär.

Zonddan paraşýutly zyňylan toprakly kapsula Içerki Mongoliýa sebitinde gondy.
Bu taryhda Aýyň arka tarapyndan topragyň nusgalarynyň ilkinji gezek ýygnalmagy we Ýere getirilmegidir.
“Çane-6” stansiýasynyň missiýasy 53 gün dowam etdi. Ol orbital, gonuş, uçuş we yzyna gaýtaryş modullaryndan ybarat boldy.
Meýilnama laýyklykda, "Çane-6-nyň" düşen ýerinde zerur işler geçirilenden soň, enjam uçar bilen Pekine eltiler. Ol ýerde alymlar konteýneri açyp, regolit (Aý topragy) nusgalaryny çykararlar. Şondan soňra nusgalar öwrenilip başlanar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....