Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň jemi jemlendi

  • 24.06.2024 14:09
  • 11k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşik baý iş tejribesi bolan professor-mugallymlary ýüze çykarmak, olary täze üstünliklere höweslendirmek, pedagogik işjeňligini artdyrmak, iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen guralýar.
«Ýylyň mugallymy» adyna dalaşgärleriň okuw kitaplary, gollanmalary, ylmy-döredijilik işleri, metbugat sahypalaryndaky makalalary, halkara ylmy-amaly maslahatlardaky çykyşlary jikme-jik seljerildi hem-de olaryň her biri adalatly bahalandyryldy. Bäsleşikde mugallymlar sapagy guramagyň döwrebap usullaryny peýdalanýandyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri şulardan ybarat:

  • Baş baýrak - Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy Gunça Seýilbaýewa;
  • Birinji orun - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amangül Esenmädowa;
  • Ikinji orun - Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Göwher Şukurowa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oguljennet Jumalyýewa;
  • Üçünji orun - Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Jumagylyç Mämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy Jumamuhammet Abdyýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň uly mugallymy Döwran Karajaýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy Tawus Atdaýewa.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......