Olimpiýa alawy ilkinji gezek Ýewropa Geňeşine geler

  • 24.06.2024 13:16
  • 3.2k+

Taryhda ilkinji gezek Olimpiýa alawy Ýewropa Geňeşine baryp görer. 26-njy iýunda Olimpiada – 2024-üň fakeli guramanyň Strasburgdaky binasyna eltiler diýip, Kazinform habar berýär.

Dabara Ýewropa Geňeşiniň 46 agza döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Parlament assambleýasynyň umumy mejlisi wagtynda bolar.
Fakel göterijiler Assambleýanyň Mejlisler zalyndan geçerler, olary Parlament assambleýasynyň prezidenti Teodoros Rusopulos garşy alar.
Wakanyň çäklerinde 24-nji iýundan sentýabr aýynyň başyna çenli “Agora” binasynyň öňünde Ýewropa Geňeşiniň Ýewropa sport hartiýasyna bagyşlanan sergi geçiriler.
Ýewropa Geňeşi Ýewropa yklymynyň iň abraýly we wekilçilikli halkara hökümetara guramalarynyň biridir. 50 ýyldan gowrak wagt bäri gurama sportda adalatly oýun we hormat ugrunda çykyş edip, ony sagdyn, etika laýyk we hemmeler üçin elýeterli etmäge çalyşýar.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....