Russiýada “Uruş we parahatçylyk” romany esasynda iki sany täze film surata düşüriler

  • 23.06.2024 15:17
  • 9.5k+

“Rossiýa” teleýaýlymy “Kinopoisk” we Start onlaýn-kinoteatrlary bilen bilelikde Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” (“Война и мир”) romany esasynda köp seriýaly filmi surata düşürmegiň üstünde işläp başlady diýip, TASS habar berýär.

Bu seriala Mihail Şolohowyň “Ýuwaş Don” (“Тихий Дон”) we Wasiliý Grossmanyň “Durmuş we ykbal” (“Жизнь и судьба”) romanlarynyň esasynda düşüren filmleri bilen tanalýan Sergeý Ursulýak režissýorlyk eder. Aktýorlaryň kastinginiň jikme-jiklikleri entek yglan edilmedi.
Şol bir wagtyň özünde öň “Goragçylar” (“Защитники”), “Gör, erkekler näme edýär!” (“Что творят мужчины!”) we "Onegin" filmlerine režissýorlyk eden Sarik Andreasýan Lew Tolstoýyň romanynyň doly göwrümli film görnüşini yglan etdi! Ol filmi geljek ýyl surata düşürip başlar.
“Uruş we parahatçylyk” on gezekden gowrak ekranlaşdyryldy. 1956-njy ýylda amerikaly režissýor King Widor Nataşa Rostowanyň keşbinde Odri Hepberniň oýnamagynda film döretdi. 1965–1967-nji ýyllarda Sergeý Bondarçukyň dört bölümli filmi çykdy we ol daşary ýurt dilindäki iň gowy film üçin “Oskar” baýragyny aldy.
Bu roman 1805-1820-nji ýyllary öz içine alýar we Napoleon söweşleriniň fonunda birnäçe aristokrat maşgalasynyň durmuşy barada gürrüň berýär.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......