Niderlandlaryň premýer-ministri Rýutte NATO-nyň täze Baş sekretary bolar

  • 23.06.2024 15:19
  • 5.4k+

Niderlandlaryň premýer-ministri Mark Rýutte NATO-nyň indiki Baş sekretary bolar. Bileleşigiň 32 ýurdunyň ählisi onuň dalaşgärligini goldady diýip, Politico salgylanyp, Meduza habar berýär.

Rýutteniň ýeke-täk garşydaşy bolan Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis penşenbe güni, 20-nji iýunda öz dalaşgärligini yzyna gaýtardy.
Demirgazyk Atlantik bileleşiginiň ýolbaşçysy wezipesinde Rýutte 1-nji oktýabrda wezipeden gitjek Ýens Stoltenbergiň ornuny eýelär. Täze bellenmäniň iýul aýynda Waşingtonda geçiriljek NATO sammitinde resmi taýdan tassyklanmagyna garaşylýar.
57 ýaşly Mark Rýutte 2010-njy ýylyň 14-nji oktýabryndan bäri Niderlandlaryň premýer-ministridir, ol Erkinlik we demokratiýa üçin sagçy liberal halk partiýasynyň lideri bolupdy (2006 – 2023).


18.03.2026 19:51
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi...

02.10.2024 10:39
5.1k+

Mark Rýutte NATO-nyň Baş sekretary wezipesine girişdi

Niderlandlaryň öňki-premýer ministri Mark Rýutte NATO-nyň 14-nji Baş sekretary bolup, bu wezipäni rekord 10 ýyl eýelän norwegiýaly Ýens Stoltenbergiň ornuny çalyşdy. Ygtyýary geçirmek dabarasy NATO-nyň ştab-kwartirasynda...

10.03.2024 23:21
13k+

Güller nireden gelýär? Niderlandlar, Kolumbiýa we Ekwador gül eksportynda dünýäde öňdebaryjy boldy

Geçen ýyl Niderlandlar, Kolumbiýa we Ekwador dünýäde iň köp gül eksport eden ýurtlar boldular, olaryň bütin dünýäde ýerlän harytlarynyň umumy bahasy 6,6 milliard dollar boldy. Geçen ýyl gül söwdasynda iň esasy...

28.11.2023 08:08
3k+

Niderlandlaryň Türkmenistandaky ilçisi Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç...