Hytaýda ilkinji Xiaomi krossoweri göründi: ony Ferrari Purosangue bilen deňeşdirýärler

  • 23.06.2024 17:04
  • 15k+

Hytaýda ilkinji Xiaomi krossoweri göründi. Bu kompaniýanyň SU7 sedanyndan soň ikinji awtomobilidir.

Awtomobil häzirlikçe MX11 kod ady bilen işläp taýýarlama tapgyryndadyr, onuň önümçilik wersiýasynyň ady heniz belli däl.
Xiaomi krossoweri doly kamuflýaž bilen örtülen bolsa-da, onuň profili Ferrari Purosangue-ni ýada salýar diýip, IXBT belleýär. Hytaýly ulanyjylar iki awtomobiliň dizaýnynda meňzeşlikleri tapýarlar. MX11-iň öňdäki aýnasynda Xiaomi SU7-de oturdylan lidara meňzeş lidar bar.
Xiaomi krossoweriniň tehniki taraplary barada heniz maglumat ýok. Ýöne täze awtomobiliň gibrid bolup biljekdigi barada gürrüňler bar. Kompaniýa gibrid görnüşli güýç gurluşlaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen inženerleri işjeň ýagdaýda gözleýär.
Xiaomi krossoweriniň 2025-nji ýylda bazara çykmagyna garaşylýar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....