Hytaýda Toyota Camry-nyň satuwy bir ýylda 56% pese gaçdy

  • 23.06.2024 15:18
  • 12k+

Hytaýda täze Toyota Camry 4,5 müň dollar arzanladyş bilen satylýar. Ýurtda şeýle arzanladyş ýerli bazarda modele bolan islegiň ep-esli pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, IXBT ýazýar.

2024-nji ýylyň maý aýyndaky maglumatlara görä, dokuzynjy nesil modelinden 8681 nusga satyldy, bu bolsa 2023-nji ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 56% azdyr. Şol wagt Camry-nyň satuwy tas 20 müň birlige ýetipdi.
Deňeşdirmek üçin, Xiaomi maý aýynda 8646 sany SU7 elektrik sedanyny satdy, ýöne kompaniýa önümçiligini indi artdyryp başlady, Toyota bolsa Camry-ny has köp mukdarda öndürip bilýär.
Umuman, Hytaýda Toyota Camry-nyň satuwy oňyn däl dinamikany görkezýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda, takmynan, 24 müň sedan satyldy, 2024-nji ýylyň fewral aýynda bolsa satuw 6 müň awtomobile çenli peseldi, bu bolsa tas 4 esse azdyr.
Hytaýda Camry modeline bolan islegiň pese gaçmagy elýeterli elektromobilleriň meşhurlygynyň artmagy, şeýle-de biznes-sedan segmentinde bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen baglanyşykly bolup biler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......