Adidas Saud Arabystanyndaky EWC kibersport festiwalynyň hyzmatdaşy boldy

  • 23.06.2024 00:20
  • 6k+

Adidas 2024-nji ýylyň 4-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek Esports World Cup kibersport festiwalynyň resmi hyzmatdaşy boldy.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde nemes kompaniýasy ýaryşa gatnaşyjylara bu waka üçin ýörite taýýarlanan eksklýuziw eşik hataryny hödürlär. Şeýle-de, EWC-niň işgärleri Adidas-dan üýtgeşik köýnekçeleri alarlar.

“Bu hyzmatdaşlyk Adidas-a hyjuwly muşdaklar bilen aragatnaşygy ýola goýmaga we çalt ösýän kibersport jemgyýeti bilen özara gatnaşmaga mümkinçilik berer” – diýip, EWC-niň satuw müdiri Mohammed Al Nimer belledi.

Umumy baýrak gaznasy 60 mln dollardan gowrak bolan Esports World Cup dünýäniň iň gowy kiber türgenlerini bir ýere jemleýär. Adidas bilen hyzmatdaşlyk festiwala auditoriýasyny giňeltmäge we kibersport pudagynda ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.


19.06.2026 17:01
9.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

08.06.2026 12:42
10k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

27.05.2026 10:11
8k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......

22.05.2026 07:24
10k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....