Pariždäki Sena derýasy Olimpiada ýaryşlary üçin ýaramsyz bolup çykdy

  • 22.06.2024 23:44
  • 9.6k+

Pariždäki Sena derýasy onda triatlon we açyk suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlaryny geçirmäge rugsat bermek üçin diýseň hapa bolup çykdy. Bu barada Frans Press agentligine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“Senadan alnan nusgalar standartlara laýyk gelmeýär. Suwuň hili ýagyş, güýçli akym, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi we möwsümleýin kadalardan pes temperatura sebäpli ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär” – diýip, Pariž sebitiniň prefekti Mark Giýom aýtdy.

Olimpiýa oýunlary  26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Parižde geçiriler. Guramaçylaryň meýilnamalaryna görä, açylyş dabarasy stadionda adaty görnüşde däl-de, Senada türgenleriň gatnaşmagynda gaýyklaryň ýörişi görnüşinde geçirilmeli. Senada triatlon ýaryşlary 30-31-nji iýulda we 5-nji awgustda, açyk suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar 8-nji we 9-njy awgustda geçiriler.


14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....