Türkmenistan BMG-niň guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 22.06.2024 19:57
  • 4.1k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistan agzalan komissiýalar bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Milli bähbitlerden ugur alyp, bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Daşary işler ministrligi birnäçe teklipleri taýýarlady.
2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA)  başlyklyk etmek döwri tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi.

Şeýle hem BMG-niň ÝYK-nyň gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa elektrik ulgamlar boýunça bilermenler toparlaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekillerini agza hökmünde hödürlemek teklip edilýär.
BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen 79-njy mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Onuň wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň agza döwletleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy guramak, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa Aşgabat şäherinde Aral deňziniň sebitinde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklipler beýan edildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu komissiýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti elektron söwdany ýeňilleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygyna goşuldy. Bu Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, iş toparynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini agza hökmünde hödürlemek maksadalaýyk hasaplanýar.
Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......