Aşgabatda çagalar sungat mekdebiniň täze binasy gurlar

  • 22.06.2024 19:44
  • 7.4k+

Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu desgany “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sanynyň has-da artýandygyny hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini nazarda tutup, çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Çagalary sungata ugrukdyrmak, çeperçilik işlerine höweslendirmek babatda-da ähli şertler döredilýär. Serdar Berdimuhamedow çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....