Türkmenistanda statistika maglumatlaryny internet arkaly ýygnamak usuly giriziler. 1-nji iýuldan synag başlanýar

  • 22.06.2024 19:22
  • 5.7k+

Türkmenistanda döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, statistikany ösdürmek boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak” hem-de “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek” atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýörite programma üpjünçiliginiň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Ony şu ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa doly ulanyşa girizmek teklip edilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bu ugurda programma üpjünçiligini ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.9k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......