Ýakutiýada ýaşy 44 müň ýyldan gowrak bolan möjegiň mumiýasy öwrenildi

  • 22.06.2024 17:57
  • 24k+

Demirgazyk-Gündogar Federal Uniwersitetiniň (SWFU) alymlar topary Ýakutiýada tapylan we 44 müň ýyldan gowrak taryhy bolan möjegiň mumiýasynyň autopsiýasyny   geçirdi. Autopsiýanyň netijeleri barada SWFU-nyň web sahypasynda habar berildi.

Barlagçylaryň sözlerine görä, bu giçki pleýstosen eýýamynyň uly möjeginiň bitewiligine we gowy saklanyp galan göwresiniň ilkinji gezek tapylyşydyr. Mumiýa 2021-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynyň Abyýski etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan Tirehtýah derýasynda köp ýyllyk buz gatlagynyň 40 metr çuňlugyndan tapyldy.
Mamont muzeýiniň barlaghanasynda geçirilen autopsiýa barlagynda alymlar DNK-ny öwrenmek üçin haýwanyň içki beden agzalaryndan, aşgazanyň we içegäniň içinden, şeýle-de, ýumşak dokumalaryndan nusgalary aldylar. Barlaglar gadymy möjegiň iýen iýmitine we mikrobiotasyna düşünmäge hem-de onuň genomyny häzirki möjekleriň genomy bilen deňeşdirmäge kömek eder.

"Barlagyň netijeleri gadymy süýdemdirijileriň nähili bolandyklaryna we olaryň bedeninde ýaşaýan mikroorganizmleriň ýagdaýyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer" – diýip, Eksperimental medisina institutynyň funksional genomika we proteomika laboratoriýasynyň müdiri Artemiý Gonçarow belledi.

Autopsiýa barlagyna ýakut alymlaryndan başga-da, Sankt-Peterburgyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Alymlar bu barlagyň gadymy haýwanlaryň we mikrobiotanyň ösüşi barada täze maglumatlary tapmaga, şeýle hem lukmançylyk we biotehnologiýa üçin biologiki işjeň maddalaryň geljegi uly öndürijilerini tapmaga kömek etjegine umyt baglaýarlar.
Barlagyň indiki obýekti 2023-nji ýylda Ýakutiýanyň Nižnekolymsk sebitinden tapylan we uniwersitete getirilen gadymy möjegiň başga bir mumiýasy bolar.


şu gün 16:56
630

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
912

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1.1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....