Aşgabatda Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler

  • 22.06.2024 17:37
  • 3.1k+

24-25-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler. Bäsleşigiň guramaçysy bolup Türkmenistanyň  Bilim ministrligi çykyş edýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6-14 ýaşly mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar bäsleşigiň birinji gününde Mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8x8)» görnüşleri boýunça zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar Mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezerler. 
25-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we degişli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň düzgünnamasy şu salgydan okap bilersiňiz.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......