Ýaponiýaly “iň bagtly adam”: Ol 63 ýaprakly şabdar ösdürip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 22.06.2024 16:39
  • 12k+

Käbir adamlar dört-bäş ýaprakly şabdaryň (Trifólium) ony tapan adama şowlulyk getirýändigine ynanýarlar. Eger bu şeýle bolsa, onda 63 ýaprakly şabdar ony ösdürip ýetişdiren ýaponiýalyny dünýäde “iň bagtly adama öwürýär”.

45 ýaşly Ýosiharu Watanabe öz melleginde 63 ýaprakly şabdar ösdürip ýetişdirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada UPI neşiri ýazýar.
Ol şabdary 2012-nji ýylda ösdürip başlady. Bagban bu işe ösümlikdäki ýapraklaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemek maksady bilen başlandygyny aýdýar. 12 ýyldan soň bu oňa başartdy.
Watanabe şabdaryň täze ýapraklarynyň peýda bolmagy üçin, onuň açyk howada tebigy ýol bilen tozanlanyşyny elde tozanlandyryş bilen utgaşdyrandygyny belleýär. Onuň usullary hemişe täsirli däldi, ýöne ahyrynda gerekli netijäni berdi.

“Adamlar dört ýaprakly şabdaryň şowlulyk getirýändigini aýdýarlar, şonuň üçin bu 63 ýaprakly şabdar adamlara geň galma we şatlyk duýgusyny getirse, gowy bolardy” – diýip, Ýosiharu belledi.

Şabdaryň ýapraklarynyň sany boýunça mundan öňki rekord 2009-njy ýylda başga bir ýaponiýaly, Hanamaki şäherinden Sigeo Obara tarapyndan goýuldy. Ol 56 ýaprakly şabdar ösdürip ýetişdirdi.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
4.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....