Owl SP600 giperkary sagatda 438,73 km tizlige ýetdi. Bu elektrik ulaglary üçin rekorddyr

  • 21.06.2024 12:44
  • 6.6k+

Ýaponiýanyň Aspark Owl SP600 giperkary sagatda 438,73 km tizlik bilen elektrik ulaglary üçin täze tizlik rekordyny goýdy.

Synaglar Germaniýanyň Papenburg şäherindäki Automotive Testing meýdançasynda geçirildi, öňki rekord hem şu ýerde 2022-nji ýylda Rimac Nevera tarapyndan goýlupdy.
Ýaponiýanyň Aspark kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Owl SP600 öňki netijeden sagatda 26,7 km geçdi. Ulagy sürüji-ýaryşçy Mark Basseng sürdi.
Owl SP600-iň önümçilik modeli umumy kuwwaty 1953 at güýjüne deň bolan dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr we sagatda 413 km-e çenli  tizlik alýar. Muňa garamazdan, rekord goýýan nusga “ýörite rekord tizligi almak  üçin” üýtgedilen prototipdir.
Aspark kompaniýasy üýtgeşmeleriň jikme-jikliklerini aýan etmedi, ýöne prototipiň aerodinamiki turba ýaly, synaglaryň doly programmasyndan geçendigini we Bridgestone-yň ýörite Potenza Race tekerlerini ulanýandygyny aýtdy.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......