Alymlar elektrik energiýasyny öndürýän sement döretdiler

  • 21.06.2024 14:15
  • 9.7k+

Massaçusetsiň Tehnologiýa institutynyň hünärmenleri sementiň batareýa ýaly energiýa saklap bilýän täze görnüşini döretdiler. Materialyň düzümi adaty sementden, suwdan we tehniki ugleroddan ybarat.

Bu komponentleriň aýratyn utgaşmasy netijesinde sement elektrik geçiriji häsiýetlere eýe bolup, öz içinde geçirijiler toruny emele getirýär diýip, täze önümiň  awtorlaryndan biri Admir Maşiç IFLScience žurnalyna gürrüň berdi.
Täze material adaty batareýalara garanyňda ep-esli arzan düşýär we öndürmek aňsat. Taslamanyň awtorlary ony Gün energiýasyny ýygnajak we elektrik ulaglaryna zarýad bermek bilen, energiýa tygşytlaýan ýollary çekmekde, şeýle hem özlerini elektrik bilen üpjün edip biljek jaýlary gurmakda ulanmagy meýilleşdirýärler.
Taslama ekologiýa taýdan zyýansyz ýaşyl elektrik energiýasy pudagyna tarap ädilen möhüm ädimdir. Gurluşykda täze sementiň ulanylmagy adaty energiýa çeşmelerine garaşlylygy azaldyp, has durnukly ösüşe ýardam edip biler.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....