Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 20.06.2024 19:04
  • 4.3k+

18-nji iýunda Budapeştde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna – Wengriýanyň daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Taraplar söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň göwrümini ýokarlandyrmagyň, hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika, senagat we farmasewtika pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryna garadylar.
Mundan başga-da, bilim we medeni ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyk bellenildi.
Taraplar şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere döwletara gepleşikleriň möhüm bölegi hökmünde garaýandyklaryny nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda özara gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan dialogy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Şol gün A.Gurbanowyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Raýmond Ýele bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň FAO bilen netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler, şeýle hem azyk howpsuzlygy bilen howanyň üýtgemegi meseleleriniň arasyndaky sinergiýanyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.
19-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň orunbasary Şandor Lezžagyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar 2023-nji ýylda geçirilen iki döwletiň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginde ünsi jemläp, türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegine garadylar. BMG we beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda medeniýet we bilim pudaklaryndaky özara täsire aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler.
Mundan başga-da, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýan parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge özara taýýarlyk beýan edildi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......