Lexus Aston Martin we Mersedes-AMG bilen bäsleşjek V8 superkaryny çykarmaga taýynlanýar

  • 20.06.2024 14:25
  • 10k+

Lexus Aston Martin Vantage we Mersedes-Benz AMG GT bilen bäsleşjek täze V8 bilen işleýän superkary çykarmagy meýilleşdirýär diýip, ITHome habar berýär.

Bu awtoulag rowaýata öwrülen LFA-nyň ruhy mirasdüşeri bolar we 2022-nji ýylda Toyota tarapyndan açylan GT3 GR konseptine esaslanar. Prototipi eýýäm Spa-Frankorşam trassasynda synagdan geçirildi we 2026-njy ýyldan başlap “Le Manyň 24 sagady” ýaly, GT3 ýaryşlaryna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär.
FIA-nyň kämilleşdirme düzgünlerine laýyklykda, seriýaly çykýan awtoulag ýaryşa gatnaşýan görnüşine meňzeş kuzow dizaýnyna eýe bolmalydyr. Şeýle bolansoň, Toyota ýakyn iki ýylda Lexus brendi astynda GT3 GR-nyň önümçilik wersiýasyny çykarar diýlip garaşylýar.
Takyk tehniki aýratynlyklary entek aýdylmasa-da, awtoulagyň kuwwatynyň 500-600 at güýjüne eýe bolmagyna we agramynyň 1300 kilograma ýetmegine garaşylýar.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....