NASA 1977-nji ýylda uçuran “Woýajer-1” enjamy bilen aragatnaşygy dikeldip başardy

  • 18.06.2024 13:03
  • 5.2k+

Planetalar arasy barlag zondy bolan “Woýajer-1” köp aýlyk bökdençlikden soň ýene Ýere ylmy maglumatlary iberip başlady. NASA iň uzakdaky işjeň barlag zondy bolan apparatyň işleýşini inženerleriň doly dikeldendigini aýtdy.

Bökdençlik 2023-nji ýylyň noýabr aýynda bortdaky maglumatlaryň geçirilişine jogapkär kompýuteriň näsazlygy sebäpli ýüze çykdy. Bu näsazlygy düzetmek üçin NASA-nyň inženerlerine alty aý gerek boldy.
Häzirki wagtda “Woýajer 1”-iň dört sany ylmy guralynyň hemmesi hem kadaly işleýär we ýyldyzlar arasy giňişlik barada maglumat ýygnaýar.
“Woýajer 1” 1977-nji ýylda uçuryldy we ol geliosferadan çykyp, ýyldyzlar arasy giňişlige giren ýeke-täk kosmiki gämidir. Ol Ýerden 24 milliard kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýär we kosmosda gözleg işlerini dowam etdirýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....