Gurbanguly we Ogulgerek Berdimuhamedowlaryň agtyklaryna Hytaýdan sowgatlar geldi

  • 18.06.2024 09:41
  • 23k+

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşypdy. Şol duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş edipdi. Golaýda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasyna hytaý Lideriniň maşgalasy hanym Pen Liýuanyň adyndan hat gelip gowuşdy. Ol hatynda Aýjereniň iberen sowgadyny kabul edendigini, panda gurjagynyň şekili çekilen keşdäniň özünde ýakymly täsirleri döredendigini mälim edýär. HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň hem, öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyklaryna sowgatlary iberdi.

Sowgatlaryň arasynda ussatlyk bilen sünnälenen el işleri — ýüpek gurjajyklar we gül çemenleri, ýüň keçeden taýýarlanan suratlar, şeýle-de ýumşak panda gurjaklary bar. Meşhur Pekin operasyny ýerine ýetirýän zenan şekiljikleri ýüpekden ýasalyp, olarda bu sungatyň ussatlarynyň aýdym aýdýan pursatlary täsirli «janlandyrylýar». Sebetlerdäki gül çemenleri al-elwan güllerden boglan nepis el işleri hem, ýüň keçelerden taýýarlanan surat eserleri milli nagyşlar bilen bezelipdir. Ýumşak panda gurjaklary hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagy Aýjerene Hytaýda sowgat berlen panda gurjagynyň üstüni ýetirer. Mälim bolşy ýaly, uly pandalar diňe bir Gyzyl kitaba girizilen seýrek jandar bolman, eýsem, Hytaýyň milli nyşanydyr hem. Pandalar hoşmeýilliligi, sabyrlylygy, açyk göwünliligi, parahat ýaşaýşa ymtylyşy alamatlandyrýar.


düýn 18:42
3.8k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......