HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan Ogulgerek Berdimuhamedowa sowgady üçin hoşallyk bildirdi

  • 17.06.2024 18:54
  • 22k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna hat ugratdy.

Pen Liýuan hatynda Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyjagy Aýjereniň taýýarlan sowgady üçin hoşallygyny bildirýär.

"Panda gurjajygyny şekillendirýän bu ajaýyp we nepis el işi maňa örän ýarady. Türkmenistanda halyçylyk sungatynyň tanymal ussady hökmünde Siz bu deňi-taýy bolmadyk amaly-haşam sungatynyň nusgasyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin uly tagallalary edýärsiňiz. Siziň mähriňiz, söýgiňiz bilen gurşalan agtyjagyňyzyň milli sungaty dowam etdirýändigi örän guwandyryjydyr" diýlip hatda bellenilýär.

HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, ajaýyp eserleri synlan, şeýle hem opera artistleriniň çykyşlaryny diňlän pursatlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

"Siziň bilen dostlugymyza ýokary baha berýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda Siziň bilen mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardyryn.
Şu hat bilen birlikde, Siziň agtyjaklaryňyz üçin sowgatlary ibermek hormatyna eýedirin. Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, ähli gowulyklary arzuw edýärin" diýlip, hatda aýdylýar.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......